
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde türki dünýäsiniň medeni durmuşyndaky möhüm waka — 15-nji dekabryň Türki dilli maşgalanyň bütindünýä gününiň yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.
Bu çäräniň geçirilmegine ÝUNESKO-nyň Samarkantda bolup geçen Baş maslahatynyň 43-nji sessiýasynda kabul edilen taryhy çözgüt esas boldy. Resminama laýyklykda, 15-nji dekabr resmi taýdan Türki dilli maşgalanyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç halkara giňişliginde uly goldawa eýe boldy. Bu günüň döredilmegi türki halklaryň umumy dil, medeni we taryhy mirasynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da dabaralandyrmaga gönükdirilendir.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok täze halkara baýramynyň dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm gural boljakdygyny belledi. Ilçi bu baýramçylygyň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady.
ỲUNESKO-nyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda türki diller (şol sanda türkmen, türk, azerbaýjan, gazak, gyrgyz we özbek dilleri) dünýäde 200 milliondan gowrak adamyň ene dili bolup durýar. Bu dilleriň ýaýran çäkleri bolsa takmynan 12 million inedördül kilometr meýdany öz içine alýar.
Çäräniň maksatnamasy türki halklaryň baý medeniýetine we taryhyna bagyşlanan wideoşekiller bilen baýlaşdyryldy.
Her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilli maşgalanyň bütindünýä gününiň bellenilmegi adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamaga, şeýle hem dünýädäki lingwistik köpdürlüligi wagyz etmäge uly goşant bolar.
Keywords