
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi. Döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň wekillerini bir ýere jemlän çäräniň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki meýilnamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ekologiýa, söwda we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alan forumda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, ABŞ-nyň wekiliýetine bolsa «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi.
Işewürlik duşuşygyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli we öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleri gatnaşdy. Olaryň hatarynda şu aşakdaky iri kompaniýalar bar:
Mejlisiň dowamynda amerikaly hyzmatdaşlaryň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklarynda üstünlikli işläp gelýändikleri we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga bolan ýokary gyzyklanmalary aýratyn bellenildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde şu pudaklar görkezildi:
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň we hususy taraplarynyň wekilleri amerikaly işewürler bilen aýratyn duşuşyklary geçirip, anyk taslamalary maslahatlaşdylar. ABŞ-nyň wekiliýetiniň saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen tegelek stol görnüşindäki maslahatlara hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklara uly orun berildi.
Keywords