Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde 15 we 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen boks boýunça Aziýa çempionaty türkmenistanly ýaş türgenler üçin şowly we netijeli boldy. Gyrgyn söweşlere beslenen yklym birinjiliginde milli ýygyndymyzyň agzalary jemi 7 sany medala eýe bolmagy başardylar. Türgenlerimiziň üçüsi ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp bolan bolsa, dördüsi hormat münberiniň bürünç basgançagyna çykdy.
🥈 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda kümüş medal gazanan türgenlerimiz:
- Arslan Rejebow (Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň okuwçysy) — 40 kg çenli agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, finala çenli baryp ýetdi;
- Rustam Bahramow (Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy) — 46 kg çenli agram derejesinde yzygiderli ýeňişler bilen finalda kümüş medala mynasyp boldy.
17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda:
- Abdurahman Rejebow (Gyzylarbat etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň okuwçysy) — bäsleşiklerde tapawutlanyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna göterilmegi başardy.
🥉17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bürünç medal gazanan türgenlerimiz:
- Atabek Hojyýew (Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy) — 46 kg çenli agram derejesinde;
- Ezbermuhammet Myratdurdyýew (Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy) — 60 kg çenli agram derejesinde;
- Ýunus Maşaripow (Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy) — 66 kg çenli agram derejesinde;
- Samir Saburow (Daşoguz şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy) — 80 kg çenli agram derejesinde.
Aziýanyň boks konfederasiýasy tarapyndan guralan bu abraýly yklym ýaryşyna sebitiň 24 döwletinden 500-den gowrak iň güýçli ýaş boksçular gatnaşdy. Şeýle ýokary bäsdeşlik şertlerinde gazanylan uly ýeňişler hem-de medallar toplumy türkmen boks mekdebiniň hem-de ýaş türgenlerimiziň ukyp-başarnyklarynyň halkara sport giňişliginde yzygiderli ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.