
Kümüş ene Görogly etrabynyň Aýlakýap obasynda ýaşaýar. Onlukdan düzülen ýyllaryň hataryny 10 gezek täzelän bu mähriban ene mundan bir asyr ozal tomus paslynyň ikinji aýynyň ilkinji gününde etrabyň Bedirkent obasynda dünýä inipdir. Kümüş ene geçen asyryň 1933 — 1940-njy ýyllarynda türkmen gyzlary üçin geňeşligiň çäginde açylan ilkinji ýerli oba mekdebinde — gysga möhletli ählumumy başlangyç mekdepde okapdyr.
Mähriban keşbi keremli ojaga gelşik berýän arzyly ene 1950-nji ýyllarda janypkeş gallaçy daýhan, 1960-njy ýyllarda ussat sagymçy, ezber bagban, 1970-nji ýyllarda ökde hasapçy, 1980-nji ýyllarda «ak altyn» ussady bolup zähmet ýoluny geçýär. Ömrüniň 100-nji tomsunda bagtyýar döwrüň hözirini görýän ene Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ýeňiş üçin kümüş, altyn şaý-seplerini tabşyryp, edermen türkmen esgerleriniň yzyndan dürli görnüşli dokma, azyk önümlerini ugradypdyr. Etrabara derejede dürli ýyllarda geçirilen ýörişleriň, ýaryşlaryň ýeňijisi bolan Kümüş ene 1946-njy ýylda Salaý Ysmaýylow bilen durmuş gurýar. Olaryň maşgalasynda dokuz perzent dünýä inýär. Bu günki gün dürli kärlerde zähmet çekýän perzentlerini, 41 agtygyny, 82 çowlugyny, 11 ýuwlugyny, 4 gowlugyny Kümüş eneniň altyn bosagaly zerbap ojagynda daşyna halkalap oturanyny göreniňde, kalbyň ganatlanýar.
«Amul Info» habarlar sahypasynyň adyndan we ähli okyjylarymyzyň adyndan asyrlyk ömür menzilini garşylap, ak öýüň mährem ojagyny ýagtyltdyp otyran mähriban Kümüş enemize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny arzuw edýäris!
Zähmet ýoly, göreldeli ömri we agzybir maşgalasy bilen ýurdumuza nusga bolup duran enemiziň ak ýüzündäki ýylgyryş we nurana keşbi hemişe öýümiziň, il-günümiziň bezegi bolsun. Allatagala enemize egsilmez saglyk, çowluk-ýuwluklarynyň we agtyklarynyň gujagynda bagtly, abadan garrylyk nesip etsin!
Keywords