Aşgabatda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) sanlylaşdyrma, emeli aň we töwekgelçilikleri dolandyrmagyň döwrebap usullaryna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi. Duşuşyk BGG-niň Aşgabatdaky Sebitleýin okuw merkezinde gibrid görnüşde guraldy.
Seminara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, BGG-niň Ýewropa sebitindäki okuw merkezleriniň wekilleri, Azerbaýjanyň hünärmenleri hem-de BGG-niň Sekretariatynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy temalarynyň biri «Akylly gümrük» (Smart Customs) başlangyjy boldy. BGG-niň Sekretariatynyň bilermenleri Dimitris Politopulos we doktor Tong Hua serhet amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça halkara standartlar barada çykyş etdiler.
Seminaryň esasy çykyşçysy, Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük Komitetiniň wekili Ýusif Usubow bolsa töwekgelçilikleri awtomatiki kesgitlemek we gümrük deklarasiýalaryny seljermekde maşynlaýyn öwreniş algoritmleriniň hem-de nerw ulgamlarynyň ulanylyşy boýunça amaly tejribesini paýlaşdy.
Türkmenistanyň gümrük hünärmenleri hem sanly ulgamlary ösdürmek we gümrük işlerinde emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmak boýunça milli tejribelerini tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik we seljeriş merkezine baryp, ýük akymlaryna real wagt tertibinde gözegçilik edýän sanly monitoring toplumlarynyň işi bilen tanyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça BGG-niň Ýewropa sebiti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki tehnologik taslamalary durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler kesgitlenildi.
Halkara seminar gümrük gözegçiligini döwrebaplaşdyrmakda emeli aň, maglumatlary toplumlaýyn peýdalanmak we «Akylly gümrük» çözgütleriniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.