16-njy sentýabrda Seulda «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammit geçiriler. Ýokary derejeli duşuşykda möhüm minerallar, energetika we ählumumy üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

«Yonhap» habarlar gullugynyň maglumatyna görä, sammite Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşar.

Günorta Koreýanyň Prezidentiniň Diwanynyň maglumatyna görä, Seul Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baý mineral we energetika serişdelerini Günorta Koreýanyň gözleg, işläp taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça tejribesi bilen utgaşdyryp, halkara üpjünçilik zynjyrlarynyň diwersifikasiýasyna ýardam etmegi maksat edinýär.

Şeýle hem Günorta Koreýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň infrastruktura we senagat enjamlary boýunça aýratyn zerurlyklaryny nazara alyp, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň sebitdäki işlerini has-da ösdürmegine mümkinçilik döretmelidir.

Sammit Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji köptaraply duşuşygy bolar. Seul geljekde sebit bilen hyzmatdaşlygyň çäklerini serişdeler we infrastruktura bilen çäklenmän, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly öňdebaryjy ugurlara hem giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň geçirilmegi bilen Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmini ministrlik derejesinden döwlet Baştutanlarynyň derejesine çykarmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny döretmek maksady bilen «Seul jarnamasynyň» kabul edilmegine garaşylýar.

Sammitiň öňüsyrasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon 14-nji sentýabrda Özbegistanyň Prezidenti bilen, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri bilen, 16-njy sentýabrda bolsa Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Sammitden soň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Baştutanlary bilen bilelikde işewürlik duşuşygyna gatnaşar. Onda Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Ilkinji «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» sammiti sebit bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm diplomatik çäre hökmünde häsiýetlendirilýär.