Hindistanyň Daşary işler ministrligi MyGov platformasy bilen bilelikde «BRICS-2026: Hindistanyň dünýä giňişligindäki orny» atly halkara gysga wideo bäsleşigini yglan etdi.
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny, aýratyn-da tanyşlyk we bilim maksatnamalarynyň çäklerinde Hindistana baryp gören raýatlary bu döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşigiň esasy maksady gysga wideolaryň üsti bilen Hindistanyň medeniýetini, köpdürlüligini, tehnologik ösüşlerini hem-de BRICS-e başlyklyk edýän döwürde ýurduň halkara giňişligindäki barha artýan ornuny görkezmekden ybarat.
Gatnaşyjylar Hindistan bilen bagly şahsy täsirlerini, ýatlamalaryny we döredijilik garaýyşlaryny öz içine alýan gysga görnüşli Reels wideolaryny taýýarlap bilerler.
Bäsleşige işler 10–14-nji sentýabr aralygynda kabul edilýär. Wideonyň beýanynda resmi #MEAIndia heşteginiň görkezilmegi talap edilýär.
Bäsleşigiň doly şertleri, düzgünleri we işleri ibermek üçin degişli forma Hindistanyň resmi MyGov platformasynda ýerleşdirildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Hindistan bilen bagly şahsy tejribelerini döredijilikli görnüşde paýlaşmaga hem-de ýurduň medeniýeti, tehnologiýasy we halkara hyzmatdaşlygy baradaky garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmäge mümkinçilik berýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.