Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň güýzünde iri halkara duşuşyklaryň üçüsine ýer eýeçilik eder. 7–9-njy oktýabrda bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti geçiriler.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan işleriniň netijeliligi nygtaldy. Taraplaryň sebit meselelerine bolan garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň «Awazada» geçiriljek üç möhüm halkara foruma gatnaşmak baradaky teklibini goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Kasym-Žomart Tokaýew hem bu sammitlere gatnaşjakdygyny tassyklady.

Öňümizdäki duşuşyklaryň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparyna aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.