Taýýarlanylyşy:

To­wuk dö­şü­ni duz­ly suw­da gaý­nat­ma­ly. Ýu­murt­ga­nyň we şu­gun­dy­ryň hem her­sini aý­ry gap­lar­da gaý­nat­ma­ly. Sa­ja ösüm­lik ýa­gy­ny gu­ýup, il­ki ow­nuk dog­ra­lan so­ga­ny atyp, 1-2 mi­nut, soň­ra kö­me­le­gi atyp, bişýän­çä go­wur­ma­ly. Bi­şen to­wuk eti­ni we gap­la­nan hy­ýa­ry hem dört­burç şe­kil­de ownuk dog­ra­ma­ly. Önüm­le­riň äh­li­si­ni bir ga­ba bi­rik­di­rip, du­zu­ny ýe­tir­me­li we ma­ýo­nez bi­len gar­ma­ly. Ýu­murt­ga­nyň agy­ny we sary­sy­ny aý­ry­lyk­da, şeý­le-de şu­gun­dy­ry gyrgyç­dan ge­çir­me­li. Iş­däa­ça­ry uly ýa­sy ta­ba­ga sal­ma­ly. Iş­däa­ça­ryň üs­tü­ni ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy bi­len ört­me­li. Ýaş so­ga­ny we gök otla­ry işdäaça­ryň üs­tü­ne ýap­rak gör­nü­şin­de goý­ma­ly. Ýap­rak­la­ryň üs­tü­ne gyr­gyç­dan ge­çi­ri­len şu­gun­dy­ry we ýu­murt­ga­nyň agy­ny gül-gun­ça­sy­na meň­ze­dip, ge­zek­leş­di­rip ýerleş­dir­me­li. Eger ýu­murt­ga­dan art­sa, on­da iş­däa­ça­ryň gap­dal­la­ry­na-da se­pe­le­se­ňiz has owa­dan bo­lar. Şeý­le­lik­de, iş­däa­ça­ry­myz ýaz gül­le­ri­ni ýa­da sal­ýan gör­nü­şe ge­ler.

Gerekli önümler:

300 g to­wuk dö­şi, 200 g kö­me­lek, 4 sa­ny ýu­murt­ga, 2-3 sa­ny gap­la­nan hy­ýar, 100 g ma­ýo­nez, 1 sa­ny şu­gun­dyr, 1 sa­ny so­gan, 2 na­har çem­çe ösüm­lik ýa­gy, gök so­gan we gök ot­lar, is­le­ge gö­rä, duz we burç.