Ýer­tu­da­na­syn­dan çe­men ýa­saryn diý­se­ňiz, onuň üçin si­ze 25 — 30 sa­ny göw­rü­mi uly, sag­dyn we ter mi­we ge­rek bo­lar. Ýer­tu­dana­sy­nyň ýap­rak­la­ry­ny aýyr­maly we daş­la­ry­ny çyg­ly es­gi bi­len sü­pür­me­li. Onuň aşa­ky ta­ra­py­ny ýo­ka­ry öw­rüp, edil bal­da­gy­nyň mer­ke­zi­ne ýu­waş­lyk­dan çöp­ja­gazy dürt­me­li. Eger şo­ko­lad­ly ýertu­da­na is­le­se­ňiz, şo­ko­lad bö­lekle­ri­ni aý­na ga­ba sal­ma­ly we ga­by gaý­nap du­ran ga­za­nyň üs­tün­de go­ýup, bu­guň kö­me­gi ar­ka­ly eretme­li. Soň­ra ýer­tu­da­na­la­ryny şoko­la­da ba­tyr­ma­ly we doň­ýan­ça so­wa­dy­jy­da goý­ma­ly. Ýa­sal­jak çe­men­de ýertu­da­na­lary ýy­gy­ja du­rar ýa­ly, il­ki çöp­le­ri iki-iki­den, soň­ra äh­li­si­ni bi­rik­di­rip, ýe­limli ka­gyz bi­len da­şyn­dan geç­meli. Is­le­se­ňiz ýer­tu­da­na­sy­nyň daşy­na aý­law­lap gül-gun­ça­la­ry­ny go­ýup hem owa­dan­lap bi­ler­siňiz. Reňk­li be­zeg ka­gy­zy bi­len da­şy­ny baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ninde gap­la­ny­myz­dan soň­ra, çe­meniň aşa­gy­na be­zeg ýüp­le­rin­den bag ýa­sa­ma­ly. Edil şeý­le gör­nüş­li ýer­tu­da­nala­ryny süý­jü­ler we ze­fir­ler bi­len ga­ryp hem çe­men ýa­sap bol­ýar. Mu­nuň üçin si­ze da­şy gap­la­nan süý­jü­ler we ze­fir­ler ge­rek bol­ýar. Iki­ta­rap­la­ýyn ýe­lim­li ka­gy­zyň bir ta­ra­py­ny gap­la­nan süý­jü­le­re, beý­le­ki ta­ra­py­ny çöp­le­re bi­rikdir­me­li. Ýer­tu­da­nasyny, süý­jü­le­ri we ze­fir­le­ri ge­zek­li-ge­ze­gi­ne düzüp, uly çe­me­ni taý­ýar­lap bi­ler­siňiz. Ze­nan­lar üçin äh­li sow­gat­lar örän ýa­kym­ly, ýö­ne ony öz el­leri­ňiz bi­len taý­ýar­la­sa­ňyz, has-da üýt­ge­şik bo­lar.

Gerekli esbaplar:

ýe­lim we gaý­çy;

bi­rik­dir­mek üçin be­zeg çöp­le­ri;

daş­ky be­ze­gi üçin owa­dan ör­tük­ler;

be­zeg bag­la­ry;

iç­ki be­ze­gi üçin ýer­tu­da­na­sy,

şo­kolad we dür­li süý­jülik­ler.