
8-nji mart — dynç güni we myhmanlaryň gelmegine garaşylýan pursat. Baýramçylyk saçagy üçin aşa agyr bolmadyk, ýeňil işdäaçar iň amatly saýlawdyr. Size konserwirlenen losos we krab taýajyklaryndan taýýarlanýan tagamy hödürleýäris.
Gerekli önümler: Losos (1 banka), krab taýajyklary (150 g), ýumurtga (3 sany), käşir (1 sany), zeýtun we maýonez.
Taýýarlanyşy: Gaýnadylan ýumurtganyň agyny sürtgüçden geçirmeli, sarysyny bolsa bezeg üçin aýryp goýmaly. Işdäaçary gatlak-gatlak edip düzmeli: ilki ýumurtga agy, soňra käşir, losos, zeýtun we krab taýajyklary. Her gatlagyň arasyna maýonez çalmaly. Üstüne ýumurtga sarysyny sürtüp, gök otlar bilen bezemeli. Saçaga goýmazdan öň 2 sagat sowadyjyda saklamak maslahat berilýär.
Çeşme: Amul Info Aşhanasy
Keywords