Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde Çolpon-Ata şäherindäki «Issyk-Kul Golf Resort» toplumynda golf klubynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyz Respublikasynda döwlet saparynda bolýarlar. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bolsa, Merkezi Aziýa — Azerbaýjan döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy.

Täze golf kluby Yssyk-Köliň kenarynda, köp ugurly syýahatçylyk toplumy bolan «Issyk-Kul Golf Resort»-yň çäginde ýerleşýär. Bu toplumyň umumy meýdany 120 gektar bolup, munuň 103 gektaryny golf klub eýeleýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Yssyk-Köl sebitine diňe bir tomus aýlary däl, eýsem ýylyň beýleki pasyllarynda hem syýahatçylary çekmekde uly ähmiýete eýedir. Şunlukda, bu ýerde ýylyň 10 aýy dowamynda golf oýnamaga mümkinçilik berýän meýdança döredildi.

Toplumyň çäginde myhmanlaryň ygtyýarynda 80 orunlyk myhmanhana hem bar. Mund başka, bu ýerde golf akademiýasyny döretmek we dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Syýahatçylyk, sport we saglyk desgalaryny özünde jemleýän bu ýerde golf klubyndan başga-da birnäçe dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalar, restoranlar hem-de abadanlaşdyrylan kenar zolaklary hereket eder.

Açylyş dabarasyna gatnaşan döwlet Baştutanlary «Issyk-Kul Golf Resort» toplumynyň çäginde gezelenç edip, bu ýerde golf oýnunyň başlanmagy mynasybetli guralan simwoliki dabara gatnaşdylar.