
Medeni gymmatlyklar halkyň taryhy tejribesinden, ruhy dünýäsinden we durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan, nesildennesle geçirilýän maddy we ruhy mirasdyr. Olar jemgyýetiň özboluşlylygyny saklamaga, milli aňy berkitmäge we agzybirligi ösdürmäge hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda toý tutmak hemde nika baglaşmak ýaly däpdessurlar hem mynasyp orun alýar. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda milli däpdessurlarymyza laýyklykda toý tutmak we nika baglaşmak dabaralaryny ýokary derejelerde geçirmek, ýaş nesillerimizi ýokary ahlak ruhunda terbiýelemek, toý dabaralarynda medeniýetli hyzmatlary guramak, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini hasda pugtalandyrmak maksady bilen döredilen merkezleriň biridir. «Bagt köşgi» – türkmen halkynyň asylly toý däplerini döwrebap görnüşde dabaralandyrýan, medeni estetiki gymmatlyklary özünde jemleýän möhüm binagärlik medeni merkezdir. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän bu toý dabaralary merkezi, maşgala mukaddesligini, agzybirligi we bagtyýar geljegi dabaralandyrmagyň nusgalyk meýdançasyna öwrüldi. «Bagt köşgüniň» binagärlik çözgüdi milli nagyşlar bilen häzirki zaman dizaýnynyň sazlaşygyna esaslanýar. Giň we ýagty zallar, bezegleriň inçe çeperligi, ýokary derejeli akustika we ýagtylandyryş ulgamlary dabaralara aýratyn şowhun we gözellik berýär. Daşky görnüşindäki owadan şekiller hemde giň meýdançalar toý dabaralaryna mynasyp dereje goşýar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2011-nji ýylda ulanylmaga berlen bu merkez 11 gatdan ybarat bolup, binada ýerleşýän 3 sany uly toý zaly: «Ak ýol» – 1000 orunlyk, «Nur» we «Älem» toý zallary – 500 orunlykdyr. Banketleri geçirmäge niýetlenen kiçi zallar 7 sany bolup, olardan «Çeşme» – 200 orunlyk, «Şugla», «Daragt», «Zamana», «Ajaýyp», «Ýaýla», «Bagtly» zallary 100 orunlykdyr. Nika zallary hem 7 sany bolup, olardan «Şäher» we «Sahawat» zallary 150 orunlyk, «Şapak», «Ýyldyz», «Dessan», «Ylham» we «Şamçyrag» zallary 100 orunlykdyr. Şeýle hem binada 22 otagly myhmanhana, dükandyr hyzmat ediş salonlarynyň 36 sanysy we kafeler bar. Binanyň ýerzemin gatynda 300 ulaglyk ýapyk we daştöwereginde 300 orunlyk açyk awtoduralga ýerleşýär. «Bagt köşgi» diňe bir resmi nikalaşma dessurlarynyň ýerine ýetirilýän ýeri bolman, eýsem, türkmen milli toý däpleriniň wagyz edilýän medeni merkezidir. Bu ýerde gelin-gyzlary sylamak, ululary hormatlamak, maşgala bitewüligini berkitmek ýaly gadymdan gelýän däpler döwrebap görnüşde dowam etdirilýär. Toý dabaralarynyň dowamynda milli aýdymsazlaryň, däpdessurlaryň we milli lybaslaryň ulanylmagy medeni mirasyň nesilden nesle geçirilmegine hyzmat edýär. Halkymyzyň tutýan toýlary täze öwüşginler, döwrebap däpler bilen barha baýlaşýar. Häzirki wagtda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi milli toýlarymyzyň şatlykşowhuna, beslenip geçirilýän mekanyna öwrüldi. Merkeziň ulaglaryň maddytehniki bölümçesi 2 sany «Linkoln-Limuzin» kysymly limuzin, 10 sany «Linkoln-Sedan» kysymly kabriolet, 2 sany «Toýota Coaster» kysymly awtobus, jemi 14 sany awtoulaga tehniki hyzmatlary amala aşyrmak, ilatyň toýbaýramlary bilen baglanyşykly awtoulaglary kärendesine bermek boýunça sargytlary kabul etmek, alnan sargytlar boýunça awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini alyp barýar. Awtoulaglar häzirki zaman we milli äheňlerde bezelýär. «Bagt köşgi» – bagtyýar maşgalalaryň döreýän, milli däpler bilen häzirki zaman medeniýetiniň utgaşýan merkezi bolup, halkymyzyň ruhy baýlygyny, asylly däplerini we geljege bolan ynamyny dabaralandyrýan nusgalyk medeni ojak hökmünde tanalýar.
Keywords