
Ene! Ene diýlende, ilki bilen, mähir-muhabbete gurşalan agzybir ojak, bagtly maşgala hem-de bahar gözelligi göz öňüňde janlanýar. Çünki ene edil Gün deýin ojagyna nur çaýyp, ýylysyny paýlaýan, ýaz ýaly daş-töwerege ýaraşyk eçilýän mukaddeslik. Eneler — dünýäniň mähir mukamy, soňlanmajak aýdymy. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda şeýle mukaddesligiň, ýaşlaryň görelde mekdebine öwrülen mährem eneleriň ykbaly, manyly ömri barada gürrüň açmak diýseň ýakymly.
Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy Durdy Saparowa maşgalasynyň guwanjy, buýsanjy. Ol 1932-nji ýylda üç çagaly maşgalanyň ikinji perzendi bolup dünýä inýär. Durdy Saparowa orta bilimi obasyndaky 2-nji orta mekdepde alýar. Zähmetsöýerligi, ene topraga bolan yhlasy ony heniz on iki ýaşyndaka zähmet ýoluna getirýär. Onuň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Obanyň erkek adamlary urşa gidenlerinden soň agyr işler zenanlaryň gerdenine düşýär. Durdy Saparowa-da obanyň beýleki aýal-gyzlary bilen gündizlerine ekin meýdanlarynda işläp, gijelerine front üçin ýüňden ellik-jorap örendigini, pelteli çyranyň yşygyna haly-palas dokandygyny gürrüň berýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, ata Watany goramagyň beýik nusgasyny görkezen Hezzi Goçow bilen durmuş guranlaryndan soň ol daýhan birleşiginde zähmet çekip başlaýar. Zähmetsöýer zenan çeken halal zähmeti, topraga bolan yhlasy, görkezen ýokary netijeleri üçin birnäçe gezek sylaglara hem mynasyp bolýar.
«Agaç miwesinden tanalar, ynsan balasyndan» diýlişi ýaly, häzirki döwürde mährem enäniň 3 oglundan we 4 gyzyndan 36 agtygy, 88 çowlugy, 5 ýuwlugy bar. Şeýle uly bagtyň eýesi bolan mährem ene olara guwanyp, eşretli zamananyň hözirini görýär. Onuň nurana ýüzünde, mylaýym ýylgyryşynda maşgala agzybirligini, perzentlerine söýgüsini, asuda ýaşaýşa bolan buýsanjyny görýärsiň. Obadaşlary, dogan-garyndaşlary ýaşynyň bir asyra golaýlap gelýändigine garamazdan, Durdy Saparowanyň işjeňligine, gaýratlylygyna haýran galýarlar. Ol häli-häzire çenli agtyk-çowluklaryna, obadaşlaryna halkymyzyň asyrlardan aşyp gelen ajaýyp halyçylyk, dokmaçylyk we keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny öwredýär. Keşdeçiligiň gadymy nusgalaryny dikeltmek barada maslahatlaryny berýär.
Durdy ene Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli ýaşamagy üçin alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerine guwanýar, buýsanýar. Ol bu ajaýyp döwrümiziň eşret-höziriniň ömürlere ömür goşýandygyny uly buýsanç bilen belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi» diýip belleýşi ýaly, obada biri ogul öýerip, gyzyny durmuşa çykaryp, toý tutsa, mährem enäniň ak patasyny alýar.
— Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşaýarys. Şeýle ajaýyp döwrüň gadyryny bilip ýaşamak, asuda Watanyň ir säherleriniň arassa howasyndan erkana dem almak biziň üçin iň uly bagt, iň uly serpaý — diýip, bagtyýar ene Durdy Saparowa aýdýar.
Keywords