
Dünýäniň öňdebaryjy reýting guramalarynyň biri bolan «Quacquarelli Symonds» (QS) tarapyndan 2026-njy ýyl üçin «Best Student Cities» («Iň gowy talyp şäherleri») reýtingi çap edildi.
Azerbaýjanyň Ylym we ýokary bilim boýunça döwlet agentliginiň maglumatyna görä, jemi 150 şäheri öz içine alýan bu abraýly reýtingde Baku geçen ýyl bilen deňeşdirilende 22 basgançak ýokary galyp, 95-nji orny eýeledi. Azerbaýjanyň paýtagty bu orny Aberdin (Beýik Britaniýa), Guançžou (Hytaý) we Ýohannesburg (Günorta Afrika Respublikasy) ýaly şäherler bilen paýlaşýar.
Netijelere laýyklykda, Baku Günorta Kawkaz sebitinde iň ýokary netijäni görkezip, sebitiň öňdebaryjy talyp şäheri diýlip yglan edildi. Şeýle hem şäher Merkezi Aziýanyň birnäçe iri şäherinden öňe geçmegi başardy: reýtingde Astana 119-njy, Bişkek 137-nji, Daşkent bolsa 146-njy orny eýeledi.
«QS Best Student Cities» reýtingi şäherleri ýokary bilim almak mümkinçilikleri we talyplar üçin amatly ýaşaýyş şertleri boýunça toplumlaýyn esasda bahalandyrýar. Sanaw düzülende uniwersitetleriň halkara reýtinglerdäki görkezijileri, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesi, bilimiň elýeterliligi, ýaşaýyş çykdajylary, daşary ýurtly talyplaryň sany, şeýle hem talyplaryň göni pikirleri esasy ölçegler hökmünde göz öňünde tutulýar.
Keywords