«Report» agentligine salgylanyp Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) habar berşi ýaly, şu gün Baku — Tbilisi — Erzurum gaz geçirijisinde SOCAR-yň operatorlygynyň bäş ýyllygy bellenilip geçilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji awgusty bilen 2026-njy ýylyň 1-nji awgusty aralygynda bu geçiriji arkaly jemi 130,4 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy.
Maglumatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarym ýylynda bu ugur boýunça daşalan gazyň möçberi 11,442 milliard kub metre deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,84 göterim artdy.
«SOCAR Midstream Gas Operations» kompaniýasy 2015-nji ýyldan bäri gaz geçirijisiniň täjirçilik operatory hökmünde çykyş edip gelýär, 2021-nji ýyldan başlap bolsa tehniki operator borjuny hem öz üstüne aldy. Hazar deňzindäki «Şahdeňiz» ýatagynyň gazy esasynda işleýän bu magistral Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýä tebigy gaz üpjünçiligini amala aşyrýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.