Indoneziýanyň Bali adasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit edarasy gurakçylyk howpunyň ýokarlanmagy sebäpli ýerli ýaşaýjylary suwy tygşytly peýdalanmaga çagyrdy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.
Edaranyň ýaýradan duýduryşynda gurak möwsümde suw gorlaryny tygşytly ulanmagyň zerurdygy bellenilýär. Duýduryş 21–31-nji oktýabr aralygynda hereket edýär. Adanyň birnäçe etrabynda meteorologik guraklygyň dürli howply derejeleri yglan edildi.
Mundan başga-da, ýaşaýjylara ýangyn howpunyň öňüni almak üçin zibili we ösümlik galyndylaryny ýakmazlyk, çilim galyndylaryny doly öçürmek maslahat berildi. Şeýle hem öýden çykylýan mahaly elektrik enjamlaryny tokdan aýyrmak we dini däp-dessurlar üçin ýakylan oduň doly söndürilendigine göz ýetirmek barada duýduryş berildi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.