
Indoneziýanyň dürdänesi hasaplanýan Bali adasy, özüniň üýtgeşik tebigy gözellikleri we gaýtalanmajak medeniýeti bilen dünýäniň ähli künjeginden syýahatçylary özüne çekýär. Malaý arhipelagynyň çäginde, Hindi we Ýuwaş ummanlarynyň goýnunda ýerleşýän bu ajaýyp ada, köplenç «Romantikleriň adasy» diýlip atlandyrylýar.
Meýdany 5 müň 780 inedördül kilometre barabar bolan adanyň dolandyryş merkezi Denpasar şäheridir. Bali adasynyň özboluşlylygy, onuň demirgazyk we gündogar kenarýakalaryndaky gara reňkli çägeli plýažlarynda duýulýar. Bu täsin tebigy hadysa wulkanlaryň işjeňligi netijesinde emele gelip, adanyň landşaftyna gaýtalanmajak görk berýär.
Bali adasy diňe bir tebigaty bilen däl, eýsem ruhy gymmatlyklary bilen hem meşhurdyr. Adada 10 müňden gowrak ybadathananyň bolmagy sebäpli, oňa «Taňry adasy» ýa-da «Müň ybadathananyň adasy» diýilýär. Syýahatçylaryň iň köp barýan ýeri bolsa, «Jennetiň derwezesi» hökmünde tanalýan meşhur Lempuýang Luhur ybadathanasydyr.
Adadaky ybadathanalaryň ählisinde diýen ýaly gabat gelýän «swastika» nyşany, sanskrit dilinden terjime edilende «hoşniýetlilik» manysyny berýär. Adanyň medeniýetine hormat goýmak maksady bilen, syýahatçylara ybadathanalara girilende ýerine ýetirilmeli käbir düzgünler bar:
Bu düzgünler adada ýaşaýan ýerli ilatyň öz ata-babalaryna, mukaddes ýerlere we taryha bolan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. 1980-nji ýyllardan bäri dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülen Bali adasy, syýahatçylara diňe bir dynç alyş däl, eýsem taryhy we ruhy dünýäni açmak mümkinçiligini hem berýär.
Keywords