
Hemra Çaryýew, «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi: — Täze ýyl gijesinde her ýylda bolşyýaly, ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibiniň ýola goýulmagy ildeşlerimiziň baýramçylygy şatlykly belläp geçmekleri, oňat dynç almaklary üçin ulag hyzmatlary bökdençsiz üpjün edildi. Meniň nesibäme-de täze ýyly iş ornumda garşy almak paýy düşdi. Awtobuslaryň saz we wagtly-wagtynda işledilmegi ildeşlerimiz üçin örän oňaýly boldy. Awtobuslardan başga-da Türkmenabat şäheriniň çäklerinde we şäheriň eteklerinde döwrebap taksileriň hyzmaty hem bökdençsiz ýola goýuldy. Sürüjilerimiziň ählisi baýramçylygyň ýokary derejede geçmegi üçin ellerinden gelen hyzmaty gaýgyrmadylar. Bu işleriň bir parçasy bolmak bizi diýseň begendirýär. Bu gün bagtyýar ildeşlerimiz bereketli saçaklaryň başyna jem bolup, Täze ýyl baýramyny belleýärler. Toý bolup gelen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň düşümli bolmagyny, üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy ýatdan çykmajak dabaralary, toýlary bilen dünýä dolsun. Bize-de şanly ýylda toýlarda hyzmat etmek miýesser etsin!
Keywords