Amerikaly alymlar sekiz hepdäniň dowamynda berhiz gazly içgisini içmegiň aşa agramly ýaş zenanlaryň içege mikroflorasynyň işjeňliginde oňaýsyz üýtgeşmelere getirip biljekdigini anykladylar. Gözlegiň netijeleri süýjüligi kaloriýasyz üpjün edýän emeli süýjüdirijileriň içege bakteriýalaryna täsirini öwrenmek bilen baglanyşyklydyr.
Barlaga ortaça ýaşy 21 bolan, aşa agramly sekiz zenan gatnaşdy. Gözlegiň gözegçilik topary bolmady. Alymlar gatnaşyjylaryň görkezijilerini synag başlamazdan öň we sekiz hepdelik döwür tamamlanandan soň deňeşdirdiler.
Gözleg ABŞ-nyň Jorj Waşington uniwersitetiniň Halkara saglygy goraýyş mekdebiniň Hasaplaýyş biologiýasy institutynyň alymlary we Rhode-Aýlend uniwersitetinden Ellison Silwetski tarapyndan geçirildi. Netijeler medRxiv.org atly ylmy işleriň deslapky neşir edilýän internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Synaga gatnaşan zenanlar iki aýyň dowamynda her gün sukraloza we asesulfam kaliý atly emeli süýjüdirijileri öz içine alýan üç paý berhiz «Pepsi» gazly içgisini içdiler. Bu maddalar önüme kaloriýa goşmazdan süýji tagam berýär. Gözlegiň başynda we ahyrynda gatnaşyjylardan gan hem-de täret nusgalary alyndy.
Alymlar içege mikrobiomynyň madda alyş-çalşy bilen bagly işjeňligindäki üýtgeşmeleri seljerdiler. Statistik seljermäniň netijesinde gazly içginiň yzygiderli kabul edilmeginden soň 33 sany mikrob ýolunyň işjeňliginde üýtgeşmeler ýüze çykaryldy. Olaryň 18-siniň işjeňligi ýokarlanan bolsa, 15-siniň işjeňligi peseldi.
Barlagyň iň möhüm netijeleriniň biri bakteriýalaryň alanin aminoturşusyny sintezlemek işjeňligi bilen gandaky interleýkin-6 görkezijisiniň arasynda güýçli oňyn baglanyşygyň ýüze çykarylmagydyr. Interleýkin-6 bedendäki ulgamlaýyn çişme ýagdaýynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýar. Bu iki görkezijiniň arasyndaky korrelýasiýa koeffisiýenti 0,74-e deň boldy. Alymlaryň bellemegine görä, statistiki barlaglardan soň hem bu baglanyşyk saklanyp galdy.
Gözlegçileriň düşündirişine görä, bu baglanyşygyň biologik taýdan mümkin bolan sebäbi bar. L-alanin bakteriýalaryň öýjük diwarynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolan peptidoglikanyň düzümine girýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, bakteriýalaryň L-alanini öndürmek ukybynyň ýokarlanmagy peptidoglikanyň emele gelmeginiň we täzelenmeginiň güýçlenmegine getirip biler. Onuň bölejikleri içegäniň örtüginden geçip, çişme ýagdaýlaryny işjeňleşdirmäge gatnaşýan NOD1 we NOD2 immun reseptorlaryna täsir edip biler. Emma bu mehanizm barlagyň dowamynda gönüden-göni öwrenilmedi.
Täze netijeler şol bir ylmy taslamanyň çäklerinde geçirilen öňki gözegçilikleriň maglumatlary bilen hem gabat gelýär. Öňki barlaglarda süýjüdirijileriň kabul edilmegi bilen içegede şertli kesel dörediji enterobakteriýalar maşgalasyna degişli bakteriýalaryň paýynyň ýokarlanmagynyň arasynda baglanyşyk ýüze çykarylypdy.
Umuman, alymlar berhiz gazly içgileriniň kabul edilmegi, içege mikroflorasynyň madda alyş-çalşy bilen bagly mümkinçilikleriniň üýtgemegi we çişme görkezijileriniň arasynda ähtimal baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Bu ýagdaýlaryň arasynda göni sebäpli-netijeli arabaglanyşygyň bardygyny kesgitlemek üçin has köp adamyň gatnaşmagynda uzak möhletli kliniki barlaglary geçirmek zerurdyr.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.