Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Bedew elektronika» dükanynda dünýä belli öndürijileriň durmuş tehnikalary we elektronika önümleri giň görnüşde hödürlenýär. Dükanyň haryt toplumynda 80-den gowrak kompaniýanyň 8 müňden fazla önüm görnüşi bar.

Ol ýerde LG, Samsung, Beko, Bosch, Hitachi, Tefal, Philips we Xiaomi ýaly meşhur brendleriň önümlerini tapmak bolýar. Dükanyň wekilleriniň bellemegine görä, täze tehniki önümler hem Türkmenistanda ilkinji bolup şu dükanda satuwa çykarylýan harytlaryň hatarynda bolýar.

Satyn alynýan tehnikalara görnüşine baglylykda bir aýdan 10 ýyla çenli kepillik möhleti berilýär. Dükanyň maslahatçylary alyjylara isleglerini we býujetini göz öňünde tutup, özlerine laýyk gelýän önümi saýlamaga ýardam berýärler.

«Bedew elektronika» dükanynda dürli arzanladyş çäreleri, şol sanda her hepde ýörite aksiýalar geçirilýär. Harytlar we dowam edýän teklipler barada maglumatlary dükanyň Instagram sahypasyndan hem-de sosial ulgamlardaky beýleki sahypalaryndan alyp bolýar.

Dükandan satyn alnan önümleriň eltilmegi we gurnalmagy mugt ýerine ýetirilýär. Sargyt edilen harytlar iki sagada çenli wagtyň dowamynda müşderilere eltilýär.

Dükanyň salgysy: Aşgabat şäheri, B. Annanow köçesi (öňki Kotowskiý köçesi), 171-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 63 87 55 55, +993 71 96 97 97.