2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory Diene Keýta bilen Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Ilat gaznasynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, demografik durnuklylyk, ýaşlaryň ösüşi we gender deňligini üpjün etmek bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen köptaraplaýyn platformalaryň, şol sanda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň hem-de Aýallaryň ýagdaýy boýunça komissiýasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşykda ýaşlaryň ösüşi bilen bagly meselelerden başga-da, Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Meýletin milli synyny (MMS) hödürlemäge taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk etjek döwründe BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.