Gurluşyk pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň binagärlik keşbini kämilleşdirmek, şeýle hem durmuş, söwda we önümçilik maksatly täze desgalary gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gozgalmaýan emläk desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň dürli hukuk usullary ulanylýar. Şolaryň biri hem paýly gurluşykdyr.

Paýly gurluşyk diýlip, ýaşaýyş jaýlaryny ýa-da gozgalmaýan emläge degişli beýleki desgalary gurmak maksady bilen gurujynyň paýçylaryň pul serişdelerini çekip, gurluşyk işlerini amala aşyrmagyna düşünilýär. Bu usul gurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmäge we raýatlaryň gurulýan desgalara paýçy hökmünde gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.

Paýly gurluşykda esasy taraplaryň biri gurujydyr. Gurujy diýlip, gurluşyk obýektini gurmak üçin paýçylaryň pul serişdelerini çekýän ýuridik şahsa aýdylýar.

Paýçy bolsa gurujy bilen obýektiň paýly gurluşygyna gatnaşmak barada şertnama baglaşan, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, 18 ýaşyny dolduran Türkmenistanyň raýatydyr. Şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar paýçy bolup bilerler.

Paýly gurluşyk gatnaşyklarynda taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemek, şertnamalaýyn düzgünleri berjaý etmek hem-de gurluşyk işleriniň kanunçylygyň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýedir.