Beýik Britaniýada syýasy sahada möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi. Ýurdun täze Premýer-ministri Endi Bernem ýolbaşçulygynda täze hökümet düzüldi. Bu barada premýer-ministriň edarasynyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi.
Täze Ministrler Kabinetinde birnäçe tanymal syýasatçylar möhüm wezipelere bellenildi, käbir agzalar bolsa ozalky wezipelerini saklap galdylar.
Hökümetiň esasy wezipelerine bellenen ýolbaşçylar
Täze ministrler düzüminde ýurdun ykdysady, daşary syýasat we howpsuzlyk ugruna jogapkär esasy wekiller şu aşakdaky tertipde bellenildi:
- Jon Hili — Maliýe ministri wezipesine bellendi (ol 2024-nji ýyldan şu ýylyň iýun aýyna çenli Goranmak ministri wezipesinde işläpdi).
- Ed Milibend — Daşary işler ministri wezipesine bellenildi (ol 2010–2015-nji ýyllarda Leýboristler partiýasynyň ýolbaşçysy bolup hyzmat edipdi).
- Şabana Mahmud — 2025-nji ýyldan bäri eýeleýän Içeri işler ministri wezipesinde galdy.
- Iwett Kuper — ozal Daşary işler ministri bolan täze Saglygy goraýyş ministri wezipesine bellenildi.
- Ues Striting — öň Saglygy goraýyş ministri bolup işlän, indi Goranmak ministri wezipesine geçirildi.
- Luiza Heý — 2024-nji ýylda Ulag ministri bolan bu syýasatçy ilkinji döwlet sekretary, Lankaster gersoglygynyň kansleri hem-de Beýik Britaniýanyň Hökümet edarasynyň ministri wezipelerini aldy.
Ministrler Kabinetindäki beýleki bellenilişikler
Hökümetiň düzümindäki beýleki ugurlar boýunça jogapkärçilik çekýän ministrler hem tassyldandy:
- Pet Makfadden — Zähmet we pensiýalar ministri wezipesini saklap galdy.
- Liza Nandi — Medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport ministri wezipesinde galdy.
- Bridžit Fillipson — Aýallar we gender deňligi meseleleri boýunça ministr wezipesini saklap galdy.
- Heýdi Aleksander — Ulag ministri wezipesinde galýar.
- Lýusi Pauell — Bilim ministri boldy.
- Aleks Norris — Lord-kansler we Adalat ministri wezipesine bellenildi.
- Anjela Igl — Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministri wezipesini eýeledi.
- Miatta Fanbulle — Energetika howpsuzlygy we nol zyňyndylara geçiş boýunça ministr boldy.
- Anjela Reýner — Ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygy, jemgyýetler we ýerli öz-özüňi dolandyryş ministri wezipesine bellenildi.
- Jonatan Reýnolds — Işewürlik, innowasiýalar, ylym we söwda ministri wezipesini aldy.
- Emma Reýnolds — Gaznahananyň baş sekretary wezipesine eýeledi.
Täze hökümetin düzülmegi bilen bir hatarda, öňki kabinetiň käbir agzalary öz wezipelerini ýitirdiler. Olaryň arasynda Reýçel Riwz, Dewid Lemmi, Darren Jons, Stiw Rid, Piter Kaýl, Riçard Hermer, Liz Kendall, Jo Stiwens we Hilari Benn ýaly tanymal syýasatçylar bar.