Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy raýatlara edilýän konsullyk hyzmatlarynda täze elektron nobat ulgamynyň girizilýändigini habar berdi.

Täze tertibe laýyklykda, 2026-njy ýylyň 7-nji awgustyndan başlap wiza resmileşdirmek, hukuk bozulmalar barada kepilnama almak we resminamalary kanunlaşdyrmak (legalizasiýa etmek) bilen bagly meseleler boýunça kabul edilişe ýazylmak sanly görnüşde amala aşyrylar.

Raýatlar täze ulgam arkaly kabul ediljek wagtyny öňünden saýlap bilerler. Elektron nobat ulgamynda 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap kabul ediş senelerine ýazylmak mümkinçiligi bolar. Munuň üçin Belarus ilçihanasynyň resmi web sahypasynyň baş sahypasynda ýerleşdirilen ýörite moduldan peýdalanmak zerur.

Ilçihananyň konsullyk bölümi geçiş döwründe adaty tertipde hem işlemegini dowam etdirer. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli öňki görnüşde telefon arkaly deslapky ýazylmak mümkinçiligi saklanýar.

Telefon arkaly ýazylmak hepdäniň duşenbe–anna günleri aralygynda sagat 11:00-dan 13:00-a çenli amala aşyrylýar:

+993 (12) 48-29-27

Täze elektron nobat ulgamynyň girizilmegi konsullyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga we kabul ediş işlerini has netijeli guramaga gönükdirilendir.