Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Polşada geçirilen matematika we Indoneziýada guralan fizika boýunça halkara olimpiadalarda jemi dokuz medala mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

2026-njy ýylyň 5–9-njy noýabry aralygynda Polşanyň Katowise şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika boýunça halkara olimpiada geçirildi. Bäsleşikde algebra we kombinatorika, matematiki analiz, funksional deňlemeler, geometriýa hem-de ähtimallyklar nazaryýeti boýunça meseleler hödürlendi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde dört medala eýe boldular. Şahsy bäsleşikde maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby Orazguly Gylyjow altyn medaly gazandy. Şol fakultetiň talyby Balkan Jepbarow, şeýle hem matematika fakultetiniň talyplary Wepa Berdiýew we Abdulla Abdullaýew bürünç medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde hem türkmen talyplary bürünç medal gazandylar.

Olimpiada Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Çehiýanyň, Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerinden 180-e golaý talyp gatnaşdy. Türkmen talyplaryna uniwersitetiň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem 4–9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasy — 2026» atly halkara bäsleşik geçirildi. Bu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bäş medal — iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medal gazanyp, baş baýraga hem mynasyp boldular.

Şeýlelikde, türkmen talyplary iki halkara olimpiadada jemi dokuz medal gazanyp, uniwersitetiň abraýyny halkara derejesinde belende göterdiler.