
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalaryna, döredip berýän ägirt uly mümkinçiliklerine jogap edip, bilim başarnygy we erjelligi bilen tapawutlanýan harby talyplaryň ençemesi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde-de ýokary bilim alýar.
Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgelerinden ruhlanyp, her demini mukaddes Watanyň ýürek urgusyna sazlamagy başarýan harby talyplaryň birnäçesi golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp, Hormat hatlarydyr diplomlara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy. Fakultetiň ýol-gurluşyk işlerinde raýat goranyşy hünäriniň 3-nji ýyl harby talyby Şagylyç Baýramow Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen döwlet bäsleşiginde 2-nji orny eýeledi. Şeýle hem harby talyplar Taňryberdi Öwezgylyjow, Serdar Etrekow dagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu gazanylan üstünlikler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary üçin uly abraýdyr. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy täze açylan fakultetde bilim babatynda gysga wagtyň içinde dünýä ylmynda gazanylan täze innowasiýalary, sanly we nanotehnologiýalary çuňňur öwrenip, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokary derejelere çykarmakda netijeli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords