
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde, Türkmenistanyň BMG-niň Howa üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (KÜBÇK) öňündäki borçnamalarynyň çäginde Türkmenistanyň Dörtünji Milli habarnamasynyň (MH4) jemleýji görnüşini tanyşdyrmak boýunça milli jemleýji duşuşyk geçirdi.
Çärä döwlet edaralarynyň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar resminamanyň taýýarlanylyşyna seretdiler we ony resmi taýdan KÜBÇK-nyň Sekretariatyna gowşurmak baradaky indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
MH4 parnik gazlarynyň zyňyndylary baradaky täzelenen maglumatlary, olary azaltmak boýunça çäreleriň synyny, geljekki çaklamalary we maliýeleşdiriş hem-de gözegçilik, hasabatlylyk we barlag (MRV) ulgamyny ösdürmek ýaly meseleler boýunça zerurlyklary öz içine alýar. Hasabatda şeýle hem Türkmenistanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (GDEÇ) ulanmagy giňeltmekde we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda gazanan ösüşleri bellenilýär.
«Dörtünji Milli habarnamanyň taýýarlanmagy Türkmenistanyň halkara howa borçnamalaryna we aýdyňlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar. BMGÖM hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýurda howa hasabatlylygy ulgamyny berkitmekde we pes uglerodly ösüş ulgamyndaky milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmekde goldaw berýär» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa toplumynyň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belledi.
Dörtünji Milli habarnama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) we BMGÖM-niň tehniki goldawy, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (ÄEG) maliýe goldawy bilen taýýarlandy. Resminama ýurduň halkara howa borçnamalaryny we Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmekde gazanan ösüşlerini görkezýär.
MH4 ilkinji Iki ýyllyk hasabat (BUR1) we ilkinji Iki ýyllyk aýdyňlyk hasabaty (BTR1) bilen bir wagtda taýýarlandy, bu bolsa howa hasabatlylygyna ulgamlaýyn çemeleşmegi üpjün etdi. Resminamalar howa üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler toparynyň (MGEIK) 2006-njy ýyldaky täze usulyýetini ulanmak arkaly 2010–2021-nji ýyllar üçin parnik gazlarynyň zyňyndylary baradaky aýdyň maglumatlary hödürleýär.
Keywords