Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Mary welaýatynyň Ýolöten etrap hassahanasynda oturdylan gün fotoelektrik ulgamlarynyň iş netijeliligine baha bermek işine başlady. Bu işiň esasy maksady saglygy goraýyş edarasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň amaly netijelerini öwrenmekden we şeýle çözgütleri geljekde giňden ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini kesgitlemekden ybaratdyr.

Hassahanada umumy kuwwaty 30 kW bolan iki sany gün fotoelektrik ulgamy oturdyldy. Olaryň energiýa toplaýjy batareýalarynyň umumy sygymy 60 kWt·s deňdir. Şu ýylyň 8-nji iýunynda ulanylmaga berlen ulgamlar hassahananyň birnäçe möhüm bölümini, şol sanda reanimasiýa, dogrum we operasiýa bölümlerini, kliniki barlaghanany hem-de gemodializ bölümini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Baha beriş işleriniň dowamynda ulgamlaryň lukmançylyk edarasynda elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we üznüksizligini ýokarlandyrmaga goşýan goşandyna aýratyn üns berilýär. Hususan-da, elektrik energiýasynyň kesilen ýagdaýlarynda möhüm lukmançylyk enjamlarynyň işiniň dowam etdirilmegine döredýän mümkinçilikleri öwrenilýär.

Mundan başga-da, gün energiýasyny ulanmagyň energetika, ekologiýa we maliýe taýdan artykmaçlyklary seljerilýär. Ulgamlaryň tehniki aýratynlyklary, ulanylyş netijeliligi we şeýle çözgütleri ýurduň beýleki saglygy goraýyş edaralarynda ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri hem gözden geçirilýär.

Baha beriş işlerini Russiýa Federasiýasyndan gelen halkara bilermen Alekseý Žiharew alyp barýar. Seljermäniň çäklerinde ulgamlaryň tehniki görkezijileri we iş netijeleri öwrenilýär, şeýle hem hassahananyň ýolbaşçylarynyň, lukmançylyk we tehniki işgärleriniň arasynda sowalnamalar geçirilýär.

BMGÖM-iň bellemegine görä, geçirilen seljermäniň netijeleri Ýolöten etrap hassahanasynda durmuşa geçirilen taslamanyň netijeliligini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem gün fotoelektrik ulgamlaryny ýurduň beýleki saglygy goraýyş edaralarynda ulanmak boýunça amaly teklipleri we degişli esaslandyrmalary taýýarlamaga-da ýardam eder.

Bu başlangyç saglygy goraýyş ulgamynyň energiýa üpjünçiligini berkitmek, elektrik energiýasyny tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawa düşýän agramy azaltmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň durmuş taýdan möhüm desgalarda ulanylmagy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere goşant goşýar.