2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ylym ösüşleriň ygtybarlygy, ýaşlar hyjuw bilen bezär barlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edildi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini dabaralandyrmak, Watanyň ösüşlerini, berkararlygyny we halkara abraýyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden we olary täze gözleglere höweslendirmekden ybarat boldy.

Sylaglamak dabarasynda guramaçylaryň — «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Jemal Toryýewanyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedowyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda ýurtda ýaşlaryň ylma, bilime we döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de täze başlangyçlaryny goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi.

Soňra bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Baş baýraga Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow mynasyp boldy.

Birinji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň öwreniji mugallymy Baýmyrat Annabaýewe berildi. Ikinji orny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Perdäýewa hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aýnabat Rozyýewa eýelediler.

Üçünji orna Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Hydyrguly Orazgulyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni Albina Zakirjanowa we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Döwlet dolandyryş» ugry boýunça ikinji ýyl magistranty Bekgi Arslanow mynasyp boldular. Şeýle-de bäsleşikde tapawutlanan birnäçe ýaşlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Şeýle döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň ylmy we döredijilik gözleglerine höwesini artdyrmak, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny goldamak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanmagy hem ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky netijesi boldy.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.