2026-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde «Durnukly we bäsdeşlige ukyply işewürligi ösdürmekde konsultantlaryň orny» atly Türkmenistanyň konsultantlarynyň forumy geçiriler. Işewürlik maslahatynyň esasy maksady telekeçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, kärhanalaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde we täze bazarlara çykmakda konsultasiýa hyzmatlarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşmesiniň Konsultantlar bölümi tarapyndan guralýan forum sagat 09:30-dan 14:30-a çenli «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Iş nokady» kowing merkezinde geçiriler.

Çärä garaşsyz konsultantlaryň, konsultasiýa kompaniýalarynyň wekilleriniň, telekeçileriň, pudaklaýyn bilermenleriň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň maksatnamasynda işewürligi strategik meýilleşdirmek, maliýe dolandyryşy, işgärleri ösdürmek, marketing, eksport mümkinçilikleri, halkara standartlary we sanly özgertmeler ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda halkara onlaýn sessiýa geçiriler.

Forumyň çäklerinde «Telekeçiler soraýar — konsultantlar jogap berýär» atly açyk dialog, konsultasiýa hyzmatlarynyň kiçi sergisi we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen duşuşyklar hem guralar. Bu çäre telekeçiler bilen maslahat beriş hyzmatlarynyň hünärmenleriniň arasynda göni aragatnaşygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we işewürlik üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini kesgitlemäge şert döreder.

Forumyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, häzirki zaman bazar şertlerinde kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin hünärmen maslahatlarynyň we netijeli dolandyryş çözgütleriniň zerurlygynyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle meýdançalar telekeçilere öz işini ösdürmegiň täze usullary bilen tanyşmaga, ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de halkara tejribäni öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Forumda gatnaşmak isleýänler 10-njy dekabra çenli öňünden hasaba alynmalydyrlar. Konsultantlar üçin hasaba alyş anketasy şu salgydan, telekeçiler we işewürlik wekilleri üçin bolsa bu salgydan dolduryp bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin +993 62 60-94-54 we +993 65 58-02-40 telefon belgilerine ýüz tutmak bolýar.