Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) howanyň üýtgemeginiň adamlaryň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak maksady bilen, hökümetler tarapyndan durmuşa geçirilmeli alty sany möhüm çäräni mälim etdi.
Guramanyň ýaňy-ýakynda çap eden ýörite hasabatynda bellenilişi ýaly, bu başlangyçlary amala aşyrmak her ýylda 1,6 million adamyň ömrüni halas etmäge we ykdysady taýdan uly peýda gazanmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda dünýäde takmynan 3,6 milliard adam howanyň üýtgemegine we onuň bilen bagly saglyk töwekgelçiliklerine has köp sezewar bolýan sebitlerde ýaşaýar.
BSGG-niň teklip edýän çäreleri ilatyň saglygyny goramaga we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howplaryň öňüni almaga gönükdirilendir. Olaryň hataryna aşakdakylar girýär:
Ýokary howa temperaturasy barada ilaty öňünden habarly etmek we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek.
Gurakçylyk ýa-da tebigy betbagtçylyklar ýaly ýagdaýlarda hem ilaty arassa agyz suwy bilen üznüksiz üpjün etmäge ukyply ulgamlary döretmek.
Ilatly ýerlerde sanitariýa şertlerini gowulandyrmak.
Ilaty zerur arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek we el ýuwmak üçin amatly şertleri döretmek.
Öý hojalyklarynda nahar bişirmek we ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak üçin has arassa ýangyç görnüşlerini hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak.
Gazyp alynýan ýangyç serişdelerine degişli has netijeli nyrh syýasatyny alyp barmak.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen bagly saglyk meselelerini azaltmakda möhüm ähmiýete eýe bolup biler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.