
Nyýazmuhammet Begençmuhammedow, Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ýanwar aýynda Özbegistan döwletiniň Buhara şäheriniň Buhara döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşyp, 1-nji tapgyrda altyn medala we baş baýraga, 2-nji tapgyrda toparlaýyn kuboga eýe bolmagym meni ylymbilim ýolunda täze gözleglere ataran buýsandyryjy pursatlar boldy. Biz — şu günki bagtyýar ýaşlar döwletimiziň özümiz barada edýän asylly aladalaryndan ruhlanyp, mundan beýläk-de yhlasly, tutanýerli okap, geljekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady ösüşlerine goşant goşýan zamanabap hünärmenler bolup ýetişeris diýip ynandyrýaryn. Bize okamaga, ylym we döredijilik ýoluna ugrukmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde hemişe üstünlikler arzuw edýäris.
Keywords