Hytaýyň «BYD» kompaniýasyna degişli «Yangwang» awtomobil brendi suwuň ýüzünde saklanyp bilýän täze kaşaň «Altior» elektromobilini köpçülige hödürledi. Täze model Abu-Dabide geçirilen sergide görkezildi. Häzirki wagtda Hytaýda onuň öňünden sargytlaryny kabul etmek başlandy. Awtoulagyň bahasy takmynan 2 million ýuana deňdir.

«Carnewschina» neşiriniň habar bermegine görä, «Altior» modeli «Rolls-Royce» awtoulaglaryna bäsdeş hökmünde hödürlenýär. Dört ýolagça niýetlenen salony we daşky dizaýnyndaky aýratyn bezegleri bilen tapawutlanýar. Öňdäki radiator gözenegi yşyklandyryjy 137 sany bezeg daşy bilen bezelipdir. Faralaryň görnüşi almaz kesimini ýatladýar, awtoulagyň nyşany bolsa sap altyndan ýasalypdyr.

Awtoulagyň öňdäki gapylary 80 gradus, yzky gapylary bolsa 90 gradus açylýar. Yzky gapylarda saýawanlary ýerleşdirmek üçin ýörite bölümler göz öňünde tutulypdyr. Salonyň bezeginde hakyky deri, agaç, ýüň we hrustal ulanylypdyr. Ýüňden pol düşekçeleri taýýarlanypdyr. Çäkli nusgada sary nefrit daşyndan ýasalan bezeg bölekleri hem bar. Mundan başga-da, salonda üçekde ýerleşdirilen bukulýan ekran, kiçi sowadyjylar, açylýan stoljykly merkezi bölüm we bulgurlary saklamak üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr.

«Altior» elektromobiliniň uzynlygy 5600 millimetr, ini 2030 millimetr, beýikligi 1590 millimetr, tigirleriniň bazasy bolsa 3500 millimetrdir. Awtoulagyň üçeginde lidar datçigi oturdylypdyr. Şeýle hem ol «BYD» kompaniýasynyň sürüjä kömek edýän ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatiki park etme mümkinçiligini goldaýar.

Modelde «BYD Blade» akkumulýatorynyň ikinji nesli ulanylýar. Ol çalt zarýad beriş tehnologiýasyny goldaýar. Öndürijiniň görkezen maglumatlaryna görä, elektromobil bir gezekki zarýad bilen 1000 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Akkumulýatoryň sygymy we kuwwaty barada bolsa häzirlikçe maglumat berilmedi.

Dört sany elektromotor bilen işleýän platformanyň esasynda döredilen «Altior» birnäçe adaty bolmadyk mümkinçiliklere eýedir. Ol ýokary tizlikde hereket edýän wagty tekerleriniň biri deşilse-de, durnuklylygyny saklap bilýär. Şeýle-de awtoulag suwuň ýüzünde saklanmaga, öz okunyň daşyndan öwrülmäge we «gyraky hereket» usulynda, ýagny gapdala süýşüp hereket etmäge ukyplydyr.

Täze elektromobiliň çäkli görnüşinden bary-ýogy 399 sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Onuň bahasy 2 million ýuan (takmynan 298 müň ABŞ dollary) diýlip kesgitlenildi. Öňünden sargyt etmek isleýän alyjylardan 300 müň ýuan (takmynan 44,9 müň ABŞ dollary) möçberinde deslapky töleg kabul edilýär.