
Emeli aň tehnologiýalaryna bolan islegiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen, ýarymgeçirijiler (çip) önümçiliginde täze bir rekord goýuldy. Koreýa Respublikasynyň «SK Hynix» hem-de ABŞ-nyň «Micron Technology» kompaniýalarynyň bazar bahasy 1 trillion amerikan dollaryndan geçip, dünýä ykdysadyýetinde täze ösüşleriň alamatyny görkezdi.
Soňky döwürde emeli aň (AI) ulgamyndaky giň gerimli özgertmeler, bu ugurda çipleri öndürýän kompaniýalaryň maýa goýum gymmatyny düýpli artdyrdy. «SK Hynix» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 14,9 göterim ýokarlanyp, netijede kompaniýanyň umumy bazar bahasy 1,68 katrillion wona ýa-da 1,12 trillion amerikan dollaryna deň boldy.
Koreýa Respublikasy ikinji orunda
Koreýa Respublikasy häzirki wagtda ABŞ-dan soňra, bazar bahasy 1 trillion dollardan geçýän birden köp kompaniýasyna eýe bolan dünýäde ikinji ýurt hökmünde hasaba alyndy. Ýatladyp geçsek, mundan ozal «Samsung Electronics» kompaniýasy hem 6-njy maýda 1 trillion dollarlyk sepgidi geçmegi başarypdy.
Şeýlelik bilen, ýarymgeçirijiler bazaryndaky bäsleşik we tehnologiýa ösüşleri dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň maliýe derejelerini täze belentliklere çykarýar. 2-nji iýunda «Micron Technology» kompaniýasynyň hem 1 trillion dollarlyk çäkden geçmegi, çip önümçiliginiň häzirki döwrüň iň strategik we girdejili pudaklarynyň biridigini tassyklaýar.
Keywords