Halkara programmirleme we dizaýn mekdebi bolan CODDY çagalar üçin robototehnika boýunça okuw kursuna ýazylşyk yglan etdi. Okuw sapaklary 18-nji noýabrda başlanar.
Robototehnika häzirki zaman tehnologiýalarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, inženerçilik, gurluşyk we programmirleme ýaly birnäçe ugry özünde birleşdirýär. Bu ugur çagalaryň dürli enjamlaryň işleýiş ýörelgelerine düşünmegine, şeýle hem özbaşdak robotlaşdyrylan modelleri döretmegine mümkinçilik berýär.
Okuw maksatnamasynyň dowamynda gatnaşyjylar konstruksiýanyň esaslary, mehanizmleriň we elektron bölekleriň gurluşy bilen tanyşarlar. Şeýle-de olar dürli modelleri ýygnamagy, olary programmirleme arkaly dolandyrmagy öwrenerler.
CODDY mekdebiniň hünärmenleriniň bellemegine görä, amaly sapaklar okuwçylaryň logiki pikirlenmek ukybyny, tehniki sowatlylygyny we döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Mundan başga-da, çagalar dürli meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça tejribe toplarlar. Okuwda alnan bilimler geljekde inženerçilik we programmirleme ugurlaryny has çuňňur öwrenmek üçin binýat bolup hyzmat eder.
Mekdebiň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, robototehnika diňe bir tehnologiýalary ulanmagy däl, eýsem olaryň nähili döredilýändigine düşünmegi hem öwredýär.
Kursa 6 ýaşdan uly çagalar gatnaşyp bilerler. Okuw sapaklary 18-nji noýabrda başlanýar.
Ýazylmak we okuw barada goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bolýar: +993 63 47-11-92, +993 63 42-67-51.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.