Nottinham uniwersitetiniň we Londondaky Imperial kollejiniň alymlary pandemiýadan öň we soň erkekleriň we aýallaryň beýnisiniň biologiki garama derejesini — beýni ýaşyny — barladylar. Munuň üçin olar Beýik Britaniýanyň UK Biobank maglumatlar binýadyna esaslandylar we gatnaşan adamlaryň beýnisiniň MRI (magnit-rezonans tomografiýa) skanirleme maglumatlaryny seljeripdirler.
Gözleg nädip geçirildi?
Gatnaşyjylar iki esasy topara bölündi:
-
1-nji topar: 45–82 ýaş aralygyndaky 564 adam (olaryň 53%-i aýal), olaryň beýni MRI-leri 2020-nji ýylyň mart aýyndan öň alnypdy.
-
2-nji topar: 47–79 ýaş aralygyndaky 432 adam, olaryň MRI maglumatlary pandemiýadan öň we pandemiýa döwründe alyndy. Bu topar hem öz içinde iki bölege bölündi:
-
COVID-19 bilen kesellänler — 134 adam (olaryň 58%-i aýal)
-
Kesellemändigi aýdylanlar (No Covid-19) — 298 adam (60%-i aýal)
-
Gözlegde hiç bir gatnaşyjyda hroniki keseller bolmandyr.
Netijeler näme görkezdi?
-
Pandemiýa döwründe MRI skanirlemesi geçirilen adamlar bilen pandemiýadan öňki adamlaryň arasynda deňeşdirme geçirildi.
-
Netijede, pandemiýa döwründe skan edilen adamlaryň beýni biologiki taýdan ortaça ýarym ýyl garraşyk görkezdi.
-
Muny ölçemek üçin beýni gatlagynyň galyňlygy, ak we çal maddanyň möçberi, olaryň ýagdaýyndaky patologiýalar ýaly görkeziji ölçegler ulanyldy.
Has gyzyklysy, wirusa uçramadyk adamlarda kognitiw ukyplarda üýtgeşme bolmasa-da, keselläp geçenlerde pikir çeýeligi we maglumatlary gaýtadan işlemek tizligi pesräk bolupdyr.
Sebäbi näme bolup biler?
Alymlar bu üýtgeşmeleri diňe biologiki faktorlar bilen däl, eýsem jemgyýetçilik faktorlar — stres, ýapylma döwründe izolýasiýa, işden ýa-da girdejiden mahrum bolmak ýaly sebäpler bilen düşündirýärler.
Şeýle-de bolsa, “kesellemändik” diýilen toparyň agzalarynyň käbirinde wirus bessymptom geçip ýa-da ýeňil görnüşde ýüze çykyp, anyklanmadyk bolmagy ähtimal. Muny alymlar hem aýratyn belleýärler.
Bu dünýäde ilkinji gezek geçirilen şeýle möçberli ylmy iş bolup, ol pandemiýanyň diňe wirus taýdan däl-de, eýsem jemgyýetçilik basyşlary arkaly hem beýni garradyp bilýändigini görkezýär. Alymlar bu ugurdan halkara derejesinde giňişleýin gözlegleriň zerurdygyny nygtaýarlar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.