Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarynda we ynançlarynda tebigat bilen bagly düşünjeler möhüm orun eýeleýär. Şolaryň biri hem halk arasynda mukaddes hasaplanýan dagdan agajydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem bu agajyň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti, onuň bilen bagly yrym-ynançlar barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Ata-babalarymyz dagdan agajyny «gözden-dilden goraýar» diýen ynanç bilen gündelik durmuşda giňden ulanypdyrlar. Halk arasynda «yrgaý» diýlip hem atlandyrylýan bu agaç berkligi we işlemäge amatlylygy bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin ondan azal, soky, çekiç ýaly hojalyk gurallarynyň saplary ýasalypdyr.
Dagdan agajy türkmeniň ýaşaýyş medeniýetinde, şol sanda sallançak ýasamak däbinde hem ulanylypdyr. Gadymy ak öýlerde alaja ýüpden gurlan sallançagyň iki gapdalyndaky direg taýaklary — gabsalary dagdan agajyndan taýýarlanypdyr. Bu agajyň berk bolmagy sallançagyň berkligini üpjün edipdir. Halk ynanjyna görä, dagdan agajyndan ýasalan gabsalar bäbegi gözden-dilden we dürli howplardan goraýar diýlip hasaplanypdyr.
Dagdan agajy bilen bagly şeýle däpler ata-babalarymyzyň tebigata bolan aýratyn garaýşyny, milli düşünjelerini we durmuş tejribesini açyp görkezýär. Bu mirasy öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.