Türkiýede kanuny esasda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň raýatlary ýurduň iň uly daşary ýurtly jemgyýetini emele getirýär. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jepbeji 29-njy oktýabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 103 ýyllygy mynasybetli geçirilen kabul edişlikde çykyş eden mahaly mälim etdi.
Ilçiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkiýede 215 müňden gowrak türkmenistanly ýaşaýar. Ol bu jemgyýeti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gymmatly baýlyklarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Şener Jepbeji türk-türkmen dostlugynyň we raýdaşlygynyň binýadynyň iki halkyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklardygyny aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berýän berk köpri bolup durýar.
Şeýle hem ilçiniň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 60 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. Aşgabatdaky Türk-türkmen mekdebi hem iki ýurduň hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelenýän geljekki nesilleriň kemala gelmegine goşant goşmagyny dowam etdirýär.
Diplomatyň çykyşy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara bagyşlandy. Ol öz çykyşynda söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine hem ünsi çekdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.