Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda we geljekki hünär mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Iňlis dilini öwretmekde bolsa okuwçylaryň diňe bir söz baýlygyny artdyrmak däl, eýsem, olaryň diňläp düşünmek, erkin geplemek, okamak we ýazmak başarnyklaryny hem sazlaşykly ösdürmek zerurdyr. Bu ugurda sanly tehnologiýalar mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
«Lebap.biz» saýtynda çap edilen makalada Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Renagül Babanyýazowa daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly serişdeleriň ähmiýetine ünsi çekýär.
Makalada bellenilişi ýaly, okuw sapaklarynda temanyň mazmunyna laýyklykda saýlanan ses ýazgylaryny, gysga wideolary, şekilli görkezmeleri we interaktiw ýumuşlary ulanmak bilim bermegiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, okuwçy täze sözi diňe ýatda saklamak bilen çäklenmän, onuň dogry aýdylyşyny diňläp, sözlemde ulanylyşyna hem düşünýär. Şeýle çemeleşme täze maglumatlaryň has gowy özleşdirilmegine ýardam berýär.
Şeýle-de söz düzümlerini öwrenmäge gönükdirilen elektron gönükmeler, suratlar esasynda gürrüňdeşlik guramak we sowal-jogap görnüşindäki ýumuşlar sapaklaryň gyzykly hem-de täsirli geçmegine mümkinçilik döredýär.
Mugallymyň bellemegine görä, sanly serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagy okuwçylaryň sapaga bolan höwesini artdyrýar we olaryň daşary ýurt dilini öwrenmek boýunça başarnyklarynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.