Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda dekabr aýynda sanly ulgam arkaly birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Bu mesele Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurtda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige bolan gyzyklanmasyny höweslendirmek, şeýle hem hünär ugruny saýlamagyna ýardam bermek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika boýunça VI açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bolsa halkara hukugy boýunça I halkara bäsleşigi geçiriler. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanar. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebinde filosofiýa boýunça III halkara olimpiada we ykdysadyýet boýunça III halkara olimpiada geçiriler.
Mundan başga-da, Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahat, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bolsa «Atçylykda ylmy barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljegi uly ugurlar» atly halkara ylmy-amaly maslahat guramak meýilleşdirilýär.
Hasabaty diňlän Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda ýaşlaryň aň-bilim taýdan ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.