Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary halkara hukugy boýunça geçiriljek I halkara bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi internet neşiri habar berýär.
Bäsleşik 7–11-nji dekabr aralygynda onlaýn görnüşde toparlaýyn ýaryş hökmünde geçiriler. Çäräniň iş dilleri türkmen we iňlis dilleridir.
Bäsleşige «Hukuk öwreniş» we «Ýurisprudensiýa» ugurlary boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bolan diňe bir topara gatnaşmaga rugsat berilýär.
Ýaryşa gatnaşmak isleýän talyplar we ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryna ýolbaşçylyk etjek mugallymlar 4-nji dekabra çenli hasaba alnyp bilerler. Gatnaşyjylary hasaba almak uniwersitetiň resmi internet sahypasynyň «Olimpiadalar» bölüminde amala aşyrylýar. Şol bölümde geçiriljek bäsleşik barada goşmaça maglumatlar hem ýerleşdirilendir.
Halkara bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, ylmy hem-de döredijilik işjeňligini höweslendirmek, hünär ugruny saýlamagyna ýardam bermek we intellektual ösüşi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Guramaçylar bu bäsleşigiň dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň nazary bilimlerini kämilleşdirmäge hem-de amaly başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirýärler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.