Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 333 million manada golaý bolan hlorly kalini, tehniki kükürt kislotasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), nah matany satyn aldylar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.