Daşoguz welaýatynda gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde şu ýyl gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin giň meýdanlar bölünip berildi. Jemi 276 gektar meýdanda dürli görnüşli gök-bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol meýdanyň 10 gektarynda pomidor ekildi.
Daýhan birleşiginde onlarça kärendeçi şertnama esasynda pomidor ösdürip ýetişdirip, ýylyň dowamynda ekine yzygiderli ideg edýärler. Olaryň tutanýerli zähmeti netijesinde meýdanlarda bol hasyl kemala geldi.
Zakir Nurmedow 0,60 gektar, Jumanazar Pälwanow we Allaýar Jumatow bolsa 0,40 gektardan kärende ýerlerinde pomidoryň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçiler ýetişen önümi öz wagtynda ýygnap almak we terligine ilata ýetirmek üçin has-da yhlasly zähmet çekýärler.
Gök-bakja önümleriniň ter görnüşde ilata ýetirilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Kärendeçileriň netijeli zähmeti netijesinde ýetişdirilen pomidorlar hem içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmaga goşant goşýar.
Şeýlelikde, «Azatlyk» daýhan birleşiginde gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak boýunça alnyp barylýan işler daýhanlaryň yhlasynyň netijesini aýdyň görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.