Daşoguz welaýatynda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen halypa-şägirtlik çäreleri dowam etdirilýär.
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň düzümindäki «Ýylanly» önümçilik edarasynda tejribeli gazçylaryň ýaş hünärmenler bilen duşuşyklary we önümçilik tejribelikleri geçirildi. Çäreleriň esasy maksady ýaş işgärlere önümçilikde toplanan tejribäni geçirmek, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek we nazary bilimlerini iş ýüzünde berkitmekden ybarat boldy.
Duşuşyklaryň dowamynda «Ýylanly» önümçilik edarasyndaky gaz gysyjy stansiýanyň gullugynyň inženeri Güýçgeldi Käbäýew, şeýle hem gullugyň dispetçerleri Kemal Toýlyýew we Tirkeş Babaýew ýaş hünärmenlere öz iş tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Ýaş gazçylar gaz kabul ediji, gaz gysyjy we sazlaýjy enjamlaryň işleýşi, önümçilik işleriniň guralyşy hem-de zähmet toparynyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
«Ýylanly» önümçilik edarasy Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda, türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýär. Kärhana «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Çöllük» gaz gysyjy desgasyndan gelýän tebigy gazy kabul edýär. Gaz güýçlendirilip we arassalanylandan soň, günbatarda ýerleşýän «Derýalyk» gaz gysyjy stansiýasyna geçirilýär.
Edaranyň hünärmenleri ýerli ilaty tebigy gaz bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, türkmen gazynyň daşarky bazarlara bökdençsiz iberilmegini üpjün etmäge hem gatnaşýarlar.
Kärhanada gaz gysyjy, gaz paýlaýjy we gaz geçiriji kuwwatlyklaryň, şeýle hem gurluşyk zerurlyklary üçin kislorod öndürýän desganyň işi ýola goýlandyr. Bu ýerde 340-a golaý işgär-hünärmen zähmet çekýär.
Kislorod öndürýän desga «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gurluşyk bölümlerinde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Kärhanada sagatda takmynan 50 kub metr kislorod öndürilip, ýörite gaplara doldurylýar we müdirligiň ýerlerdäki kärhanalaryna iberilýär.
Öndürilýän kislorodyň hiline howany arassalaýjy, gysyjy we bölüji, kislorod gaplaýjy, kislorod ballonlaryny abatlaýjy bölümler hem-de himiki barlaghana gözegçilik edýär.
Duşuşyklaryň dowamynda ýaş hünärmenler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen hem gyzyklandylar.
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň ýaş hünärmenleri Parahat Ballyýew, Jennet Arazgylyjowa, Dursunjemal Saparmyradowa, Madina Ýusupowa, Zebahan Hudaýbergenowa we Aýlar Sapargeldiýewa «Ýylanly» önümçilik edarasynda alnyp barylýan häzirki zaman önümçilik işleri bilen tanyşdylar.
Halypa-şägirtlik görnüşindäki şeýle çäreler ýaş hünärmenleriň önümçilik tejribesini artdyrmaga, hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge we nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam berýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.