Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe» dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynyň netijelerini jemledi we ýeňijileri yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi internet neşirinde habar berilýär.

Halkara bäsleşige 11 ýurtdan 52 sany ýokary okuw mekdebiniň 200-e golaý zehinli talyby gatnaşdy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Omanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik etdiler.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirildi. Gatnaşyjylara «Maliýe» dersi boýunça 10 sany ýumuş berlip, olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt bölünip berildi. Bäsleşigiň netijeleri gatnaşyjylaryň toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlendi. Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girizildi.

Olimpiadanyň jemleri boýunça jemi 121 baýrakly orun kesgitlenildi. Şolaryň 24-si birinji, 41-si ikinji, 56-sy bolsa üçünji orunlardyr.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary dokuz baýrakly orna, şol sanda üç birinji, iki ikinji we dört üçünji orna mynasyp boldular. Ýurdumyza Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti wekilçilik etdi.

Bäsleşikde Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem netijeli çykyş edip, baýrakly orunlaryň ep-esli bölegini eýelediler. Olaryň arasynda Russiýanyň ilkinji Prezidenti B. N. Ýelsiniň adyny göterýän Ural federal uniwersitetiniň, G. W. Plehanow adyndaky Russiýa ykdysadyýet uniwersitetiniň, Moskwa energetika institutynyň, Belarusyň Sarp ediş kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň we Daşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň talyplary tapawutlandylar.

Şeýle hem Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

Olimpiadanyň geçirilmegi talyplaryň dünýägaraýşyny we maliýe pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, häzirki zaman ylmy-amaly meseleler boýunça netijeli dolandyryş we maliýe çözgütlerini kabul edip biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýle-de bäsleşik öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak, maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak we sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Guramaçylar olimpiadanyň ýeňijilerini gutlap, işjeň gatnaşan ähli talyplara minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem institutyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, talyplaryň hünär taýdan kämilleşmegi we ylmy iş alyp barmagy üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi bellenildi.