Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebinde 16-njy noýabrda bellenilýän Bütindünýä elguşly awçylyk gününe bagyşlanan açyk sapak geçirildi.
2010-njy ýylda ÝUNESKO elguşly awçylyk däbini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizdi. Şu taryhy senä bagyşlanan çäre mekdep tarapyndan Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetiniň başlygy, Halkara elguşçylar assosiasiýasynyň agzasy Atadurdy Eýeberdiýew gatnaşdy. Ol okuwçylara türkmen halkynyň gadymy elguşçylyk däpleri, bu sungatyň aýratynlyklary we awçylaryň gündelik işleri barada gürrüň berdi. Ussat elguşçy öz ýany bilen aw guşuny hem getirdi.
Atadurdy Eýeberdiýew bu käre okuwçylyk ýyllaryndan bäri, takmynan, kyrk ýyl bäri yhlasyny siňdirip gelýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, elguşçy üçin awçylyk uly sabyrlylygy we fiziki çydamlylygy talap edýän işleriň biridir. Awçynyň agyr ellik geýip, wepaly tazy itini ýanyna alyp, ak çägeli depeleriň arasynda onlarça kilometr ýol geçmeli bolýan pursatlary hem bolýar.
Okuwçylar ussadyň gürrüňlerini diňlemek bilen birlikde, aw guşuny ýakyndan synlamaga we ony ellerinde saklap görmäge mümkinçilik aldylar. Çäräniň dowamynda Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Leýla Annamyradowa tarapyndan taýýarlanan tematik kitap sergisi hem görkezildi. Neşirlerde we žurnallarda ýerleşdirilen suratlar arkaly okuwçylara elguşçylyk sungaty barada goşmaça maglumatlar berildi.
Açyk sapakda türkmen elguşçylarynyň köplenç ütelgi guşlaryny saýlaýandyklary barada hem aýdyldy. Ütelgiler beýleki ýerli elguş görnüşlerinden iri göwresi we awçylyk ukyby bilen tapawutlanýar. Bu guşlar uçuş wagtynda sagatda 300 kilometre çenli tizlik alyp bilýär. Olaryň ýiti görüş ukyby bolsa awy iki-üç kilometr uzaklykdan saýgarmaga mümkinçilik berýär.
Ussat elguşçy guşlary terbiýelemegiň kadalaryna hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň düşündirişine görä, guşlaryň köpelmegine we tebigy deňagramlylyga zyýan ýetirmezlik üçin höwürtgeden diňe bir jüýjäni almak, şeýle-de onuň azyndan üç hepdelik ýaşyna ýetmegine garaşmak zerurdyr. Tejribeli awçylar köplenç göwresi iri we güýçli bolýanlygy sebäpli urkaçy guşlary saýlaýarlar. Aw guşunyň aýratynlyklaryny onuň gaňyrçak şekilli çüňki we dilindäki gara zolaklar arkaly hem kesgitlemek bolýar. Jemgyýetiň düzgünlerine laýyklykda, bir elguşçy ikiden köp aw guşuny saklap bilmeýär.
Duşuşyk okuwçylara elguşçylyk däpleriniň taryhy, aýratynlyklary we olary dowam etdirmek bilen bagly möhüm maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.