Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin niýetlenen «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.
Bankyň maglumatlaryna görä, karz ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek we hünärlerini kämilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen berilýär.
«Talyp karzy» diňe okuw tölegini tölemek üçin nagt däl görnüşde resmileşdirilýär.
Karzyň esasy şertleri:
Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;
Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;
Karzyň möhleti: 3 ýyl.
Karzyň üpjünçiligi onuň möçberine baglylykda kesgitlenýär. 10 000 manada çenli karz üçin bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manada çenli karz üçin iki ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy kabul edilýär. 15 000 manatdan ýokary we 42 000 manada çenli karzlar üçin bolsa girew talap edilýär.
Bank «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän talyplaryň we ene-atalaryň ýüztutmalarynyň hem-de zerur resminamalarynyň bankyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen onlaýn görnüşde kabul edilýändigini habar berýär.
«Talyp karzy» barada goşmaça maglumat almak üçin «Daýhanbankyň» Aşgabat şäherindäki we welaýat şahamçalary bilen aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar:
Aşgabat şäheri: 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85.
Ahal welaýaty: (800137) 3-34-39.
Balkan welaýaty: (800246) 5-21-51.
Daşoguz welaýaty: (800322) 9-35-07.
Lebap welaýaty: (800422) 9-13-48.
Mary welaýaty: (800522) 6-76-40.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.