
Golaýda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Diller kafedrasynyň guramagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik iňlis we rus dilleri dersleri boýunça geçirilip, onuň dowamynda harby talyplar test we kompýuter-lingafon toplumynda berlen ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň netijesi boýunça iňlis dili dersi boýunça Harby institutyň 4-nji ýyl harby talyby Begenç Serdarow 1-nji, rus dili dersi boýunça 5-nji ýyl harby talyby Arslan Permanow 2-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Şol gün şeýle-de daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň okuw-usuly maslahaty guraldy. Maslahatda iňlis we rus dilleri mugallymlary okatmagyň häzirki zaman usulyýeti, harby we hukuk goraýjylar üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň aýratynlyklary, dil öwretmekde maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň orny barada çykyş edip, özara tejribe alyşdylar.
Keywords