Halkara taksi hyzmaty bolan «inDrive» we Hytaýyň sürüjisiz ulag tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan «Pony.ai» kompaniýasy 2027-nji ýylda Gazagystanda robotaksileri synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Taslama üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda, bu hyzmaty «inDrive» işleýän beýleki şäherlerde we ýurtlarda hem ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler. Kompaniýanyň hyzmatlary dünýäniň takmynan 48 ýurdunda elýeterlidir.

«Kursiv Media» neşiriniň habar bermegine görä, «inDrive», «Pony.ai» we «Nvidia» kompaniýalary hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Taslamanyň ilkinji synag merkezi hökmünde Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri saýlanyldy.

Hyzmatdaşlar robotaksileri işe girizmegiň tehniki, hukuk we amaly şertlerini öwrenmek, şeýle hem taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda iş alyp bararlar. Synaglaryň başlanjak senesi häzirlikçe kesgitlenmedi. Hyzmatyň işe girizilmegi üçin ilki bilen Gazagystanyň hökümetiniň degişli rugsady alynmalydyr. «inDrive» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Arsen Tomskiniň bellemegine görä, 2027-nji ýyl taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy ugur hökmünde göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň çäklerinde «Pony.ai» kompaniýasy özbaşdak hereket etmäge niýetlenen Gen-7 ulgamy bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglary üpjün eder. «inDrive» bolsa ýolagçylaryň ulag sargyt etmekleri üçin platformany we hyzmatyň guramaçylyk işlerini öz üstüne alar. «Nvidia» kompaniýasy tehnologik goldaw berer. Taslamada sürüjä kömek edýän we sürüjisiz ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamak üçin niýetlenen Hyperion platformasyndan, şeýle hem emeli aň ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Halos çözgüdinden peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Robotaksiler ýörite bellenen zolaklarda ruluň başynda sürüji bolmazdan hereket eder. Taslamanyň öňünde durýan esasy meseleleriň biri Gazagystanyň howa şertleri, aýratyn-da dowamly gyş we güýçli gar ýagmagy bilen baglanyşyklydyr. «Pony.ai» kompaniýasy öz tehnologiýalaryny şeýle şertlerde işlemäge uýgunlaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan «Pony.ai» kompaniýasy sürüjisiz ulaglar üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýar we awtonom taksi hyzmatlaryny ösdürýär. Kompaniýa 2018-nji ýyldan bäri Hytaýyň Guançžou şäherinde sürüjisiz taksileri synagdan geçirýär. 2026-njy ýyla çenli onuň işi Pekin we Şençžen şäherlerini hem öz içine aldy.

Kompaniýa Katar, Singapur, Horwatiýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça meýilnamalaryny hem yglan etdi. 2025-nji ýylda «Pony.ai» kompaniýasynyň robotaksi parkynyň sany 720 ulagdan geçýärdi.

Gazagystanda meýilleşdirilýän bu taslama Merkezi Aziýada awtonom ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda täze mümkinçilikleri açyp biler. Şeýle-de onuň netijeleri sürüjisiz ulaglaryň sebitiň howa şertlerinde we hereket howpsuzlygy talaplaryna laýyklykda ulanylyşyny kesgitlemäge ýardam berer.